Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsulynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.