RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...

DOWAMY
pic
20 Okt

EÝRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 31 ÝYLLYGYNA WE TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan 2022-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maşat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna we Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy. Bu çära Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň orunbasarlary, Ýurduň Daşary işler ministrliginiň Maşatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Eýranyň Türkmenistan bilen serhetýaka welaýatlarynyň...

DOWAMY
pic
19 Okt

О ВСТРЕЧЕ ПРЕДСЕДАТЕЛЕЙ ТУРКМЕНО-ЯПОНСКОГО И ЯПОНО-ТУРКМЕНСКОГО КОМИТЕТОВ ПО ЭКОНОМИЧЕСКОМУ СОТРУДНИЧЕСТВУ

18 октября 2022 года в режиме видеоконференции состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана, Председателя Туркмено-японского комитета по экономическому сотрудничеству Рашида Мередова с Председателем Японо-Туркменского комитета по экономическому сотрудничеству, управляющим директором «Itochu Corporation» Хироюки Цубай. В ходе встречи стороны отметили, что контакты на высшем и высоком уровнях играют важную роль в развитии межгосударственных отношений. В этой связи была особо выделе...

DOWAMY
pic
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....

DOWAMY
pic
19 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATARDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýas...

DOWAMY
pic
18 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBE ŞÄHERINDE TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işl...

DOWAMY