RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Okt

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hu...

DOWAMY
13 Okt

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Prezident Serd...

DOWAMY
12 Okt

Обсуждены актуальные направления сотрудничества Туркменистана с ЮНЕСКО

12 октября 2024 года в МИД Туркменистана состоялась встреча Министра иностранных дел Рашида Мередова с председателем Генеральной конференции ЮНЕСКО госпожой Симоной-Мирелой Микулеску. В ходе встречи стороны отметили высокий уровень сотрудничества между Туркменистаном и ЮНЕСКО. Была отмечена значимость мероприятий культурно-гуманитарного характера, проходящих в Туркменистане, в частности проведение на высоком уровне Международного форума «Взаимосвязь времён и цивилизаций – основа мира и раз...

DOWAMY
12 Okt

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler. Tarap...

DOWAMY
12 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli...

DOWAMY
12 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Neda Berger Arkadag şäh...

DOWAMY
12 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu wekilçilikli foruma gatnaşan...

DOWAMY