TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlar...
Dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümk...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitet...
Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde geçirilen “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik be...
Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentligi bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-nji aprelinde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleri gatnaşdy. Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda maglumat, kiber we internet howpsuzlygy ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça pi...
Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ge...
Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hökümetara hem-de pudagara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşý...