SOŇKY HABARLAR
TÄZE DÖWREDAP OBALARYNYŇ WE ÇEPER HALYÇYLYK KÄRHANASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy...
Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty
Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekille...
Türkmenistanda transkontinental ykdysady gatnaşyklaryň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşylýar
Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtym...
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly jahankeşdeler! Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna be...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, özara hormat, netijeli we strategik hyzmatdaşlyk esasynda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini düýn bellän doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk we ýoka...
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi
2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. …Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaş...