RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant...

DOWAMY
3 Okt

Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik...

DOWAMY
3 Okt

Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy. Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberil...

DOWAMY
1 Okt

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli ýokary derejedäki syýasy dialoga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňelt...

DOWAMY
1 Okt

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen Bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisin...

DOWAMY
1 Okt

BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli...

DOWAMY
1 Okt

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nikaragua Respublikasynyň Daşary işler ministri Waldrak Lýudwig Witakeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mehanizminiň ýola goýulmagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Taraplar...

DOWAMY